Ilatymyza edilýän jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak, paýtagtymyzy dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmek, şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglary, ätiýaçlyk şaýlaryny, zir-zibil gutularyny we konteýnerlerini satyn almak barada Şweýsariýa Konfederasiýasynyň “ITS Investment & Trading Services AG” kompaniýasy bilen şertnamany olary 2021-nji ýylyň awgust aýyna çenli getirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.