Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

FIFA, The best ― 2020: türkmenistanlylar kime ses berdi?

14:2018.12.2020
0
11209

Ozal hem habar berlişi ýaly, ýakynda FIFA tarapyndan ýylyň iň gowularyna ýörite baýraklar gowşuryldy. Ähli ugurlar boýunça iň gowular geçirilen ses berlişigiň netijesinde yglan edildi.

FIFA tarapyndan geçirilen se berlişige futbol boýunça milli ýygyndymyzyň kapitany Arslanmyrat Amanow bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Eýsem, türkmenistanlylar kimlere ses berdiler?

Arslanmyrat Amanow «Ýylyň futbolçysy» hökmünde Lionel Messini saýlady. Ol ikinji orunda Robert Lewondowskini, üçünji orunda bolsa Kriştianu Ronalduny görkezdi. Edil şonuň ýaly, türkmenistanly žurnalist Aleksandr Werşinin hem iň gowy futbolçy hökmünde Lionel Messini gördi. Onuň sanawynyň ikinji ornunda Robert Lewondowski, üçünji ornunda bolsa Kewin de Brýuýne bar.

Ses berlişigiň ýeňijisiniň Robert Lewondowki bolandygyny habar beripdik.

Milli ýygyndymyzyň kapitany we türkmenistanly žurnalist iň gowy tälimçi hökmünde «Bawariýanyň» baş tälimçisi Hans-Diter Fliki görkezdiler. Ýöne olaryň ikinji we üçünji orunlar üçin garaýyşlary aýry. Arslanmyrat Amanow ikinji orunda Ýurgen Kloppy, üçünji orunda bolsa Zineddin Zidany goýdy. A.Werşininiň sanawynyň ikinji ornunda Ýulen Lopetegi, üçünji ornunda bolsa Marselo Býelsa bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň