Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

FIFA, «The Best ― 2020»: esasy baýrak Robert Lewondowskiniňki

11:1018.12.2020
0
13395

Mýunhen şäheriniň «Bawariýa» futbol toparynyň polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski FIFA  tarapyndan 2020-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi.

Ol bu at üçin göreşde «Ýuwentusyň» portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronalduny we «Barselonanyň» argentinaly ýyldyzy Lionel Messini yzda galdyrdy. Has takygy, ýeňijä jemi 52 ses berlen bolsa, Kriştianu Ronaldu 38, Lionel Messi bolsa 35 ses alyp bildi.

Polşaly hüjümçi şu ýyl Mýunhen şäheriniň topary bilen Germaniýanyň we UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy. Şeýle hem ol Germaniýanyň kubogyna, Naýbaşy kubogyna we Ýewropanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy. Robert Lewondowski şu ýyl UEFA tarapyndan hem «Ýylyň futbolçysy» diýlip yglan edildi. Ol karýerasynda ilkinji gezek FIFA tarapyndan ýylyň iň gowy futbolçysy hökmünde ykrar edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň