Soňky habarlar

Arhiw

AGMK bilen «Pahtakor» Özbegistanyň kubogynyň finalyna çykdy

22:3316.12.2020
0
5741

Almalyk şäheriniň AGMK futbol topary Özbegistanyň kubogynyň ýarymfinalynda Garşy şäheriniň «Nasafyndan» 1:0 hasabynda üstün çykyp, ýaryşyň finalyna çykdy. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 16-njy minutda Bahrom Abdurahimow geçirdi.

AGMK finalda ýurduň çempiony «Pahtakor» bilen güýç synanyşar. Final duşuşygynda Özbegistanyň taryhynda ilkinji gezek VAR tehnologiýasyndan peýdalanmak meýilleşdirilýär.

AGMK finala barýan ýolda «Lokomotiwi», «Metallurgy» we «Nasafy» ýeňdi. «Pahtakor» bolsa «Sogdianany», «Kyzylkumy» we «Kokand 1912-ni» ýaryşdan çykardy.

AGMK-de türkmenistanly ýarym goragçy Arslanmyrat Amanowyň çykyş edýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň