Karaganda şäheriniň «Şahtýor» futbol toparynyň türkmenistanly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow “KazFootball” habarlar portalyna beren interwýusynda geljegi barada şeýle diýdi:
«Geljek ýyl nirede futbol oýnajakdygymy heniz bilemok. Entek gelen belli bir kararym ýok. Ýöne üstünlikli çykyşy dowam etdirmek üçin häzirki toparyň özenini saklamagyň gerekdigini bilýärin. Elbetde, täze ýüzler we täze güýçler zerur. Meniň pikirimçe, «Şahtýor» öz öz oýun uslybyny görkezmeli. Her kim has öňe gitmegi isleýär. Kyn, ýöne akylly-başly çemeleşilende eýgertmejek sepgit däl. Men Ýewropa ýaryşlarynda «Astanadan» beýleki gazak toparlaryny hem görmek isleýärin».
Möwsümde 32 utuk toplan «Şahtýor» dördünji orny eýeledi we UEFA-nyň Konferensiýa ligasyna (Ýewropanyň üçünji derejeli klublaýyn ýaryşy) gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle-de bolsa, klub tejribeli futbolçylarynyň biri bolan Ruslan Mingazow bilen heniz şertnamany uzaldanok.
― Meniň pikirimçe, gazak toparlary birnäçe hepde garaşarlar. Soň käbir gepleşikleriň başlamagy mümkin. Men we agentlerim gepleşiklere açyk. Agentlerim ýene-de meniň üçin Gazagystandaky mümkinçilikleri gözleýärler. Nämeleriň boljakdygyny wagt görkezer. Ýöne häzirlikçe hiç bir topardan anyk teklip ýok.