Türkmenistanyň täze raýatlaryna raýatlyk pasporty gowşuryldy

23:4612.12.2020
0
16757

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Milletiň Lideriniň şu gün geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin baýramçylyk mejlisinde gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan hem-de 19 milletiň wekilleri bolan adamlaryň 2 müň 580-si Türkmenistanyň raýaty boldy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 11 döwletiň raýatlaryna hem-de 31 milletiň wekilleri bolup durýan adamlaryň 874-sine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.

Soňky 15 ýylyň içinde dürli sebäplere hem-de ýagdaýlara görä, öz ýurtlaryny terk etmäge mejbur bolan adamlaryň müňlerçesi türkmen raýatlygy aldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde kabul edilen “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde Bitaraplyk syýasatynyň orny” atly Kararnamanyň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn syýasatynyň tutuş dünýäde ykrar edilmeginiň ýene-de bir subutnamasy bolup durýandygyny aýratyn bellediler.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, Daşary işler ministrligine, Içeri işler ministrligine, Döwlet migrasiýa gullugyna beýleki degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar bilen bilelikde, ýurdumyzyň raýatlygyny almak üçin raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek boýunça işleri dowam etmek, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli teklipleri bermek barada tabşyryk berilmegi berkarar döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça ynsanperwer gymmatlyklara we umumy ykrar edilen halkara kadalara ygrarly bolup galýandygyna şaýatlyk edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň