Soňky habarlar

Arhiw

TDH TASS bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama baglaşdy

23:4512.12.2020
0
6576

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet habar gullugy (TDH) we Russiýanyň TASS habar gullugy onlaýn formatda habarlary alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama  gol çekdiler. Bu barada TASS-yň habarynda aýdylýar.

Ähtnama maglumat alyşmak pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen gol çekildi. Bu resmianam tejribe paýlaşmak we iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürjek çäreleri bilelikde geçirmek ýaly mümkinçilikleri berýär.

TASS Russiýada öňdebaryjy döwlet habar gullugydyr. Gulluk şu ýylyň 1-nji sentýbarynda 116 ýaşady. Onuň bütin dünýäde 2 müňe golaý işgäri bar. TASS 60 döwletde 63 wekilhana arkaly işleýär. Şolaryň 16-synda bolsa TASS Russiýa degişli ýeke-täk habar çeşmesidir.

TASS her gün 2 müň çemesi habar, 800-e çenli wideo we surat paýlaşýar. Tass.ru web saýtyna şu ýyl 156 million adam girip gördi. Bu bolsa aýda ortaça 27 million adamyň TASS-yň habarlaryny okaýandygyny görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň