Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 2020-nji ýyly FIFA-nyň sanawynyň 132-nji ornunda tamamlady

23:5310.12.2020
0
4543

Futbol boýunça halkara federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň 2020-nji ýyldaky jemleýji sanawyny paýlaşdy. BU sanawda Türkmenistanyň ýygyndysy 132-nji orunda görkezilýär.

Şeýlelikde, milli ýygyndymyz 2019-njy ýyldaky ornundan üç basgançak aşak düşdi. Edil häzir türkmen futbolçylaryna 1107 utuk berilýär.

Milli ýygyndymyz sanawda Gwatamela (1111) bilen Ruandanyň (1099) aralygynda ýerleşýär.

Türkmen futbolçylarynyň şu ýyl geçirilmeli resmi duşuşyklarynyň ählisiniň koronowirus pandemiýasy sebäpli soňa süýşürilendigini ýatladýarys. Nobatdaky dünýä çempionatynyň we Aziýa kubogynyň saýlama ýaryşyndaky topardaşlarymyzdan Koreýa Respublikasy 38-nji, Liwan 92-nji, KHDR 115-nji, Şri-Lanka bolsa 206-njy orny eýeleýär.

Sanawyň ilkinji bäşligine Belgiýanyň, Fransiýanyň, Braziliýanyň, Angliýanyň we Pportugaliýanyň ýygyndylary girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň