Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwda yglan edilýär

18:5010.12.2020
0
18829

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakyndaky kanunçylyga laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalaryny satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.

Bäsleşikli söwdalar 2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda geçirilýär. 

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.

Bäsleşikli söwdada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, “Türkmennebit” döwlet konserniniň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Aşgabat şäheriniň we Lebap hem-de Mary welaýat häkimlikleri birnäçe desgalary satuwa çykarylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň