Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi

23:5909.12.2020
0
7051

9-njy dekabrda Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň söwda toplumynda işleriň häzirki ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde duran ilkinji nobatdaky wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Wise-premýer G.Müşşikow ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň daşary ýurt kompaniýalary bilen harytlary satyn almak, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşan degişli şertnamalary boýunça öňde duran wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Soňra toplumyň düzümine girýän düzümleriň ýolbaşçylary hasabat bilen çykyş etdiler.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatyny azyk önümleri bilen üpjün etmegiň esasy wezipe bolup durýandygyny ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şeýle hem daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyryp, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň möçberlerini bolsa azaltmagyň zerurdygy aýdyldy.
Döwlet Baştutany içerki bazaryň azyk we, ilkinji nobatda, beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy, dükanlarda we bazarlarda haryt bolçulygyny döretmek boýunça möhüm işleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow döwlete degişli däl ulgamyň öňünde durýan wezipelere geçip, hususy telekeçileriň senagat ugurly iri taslamalary, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek boýunça taslamalary işjeň amala aşyrmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hususy önüm öndürijileriň eksporta niýetlenen harytlaryny daşarky bazarlara çykarmakda hem-de dünýä bazarlarynda öz orunlaryny pugtalandyrmakda marketing, hukuk we maslahat beriş hyzmatlary arkaly olara goldaw berilmelidigini nygtady.
Milli Liderimiz harytlarymyzyň internet söwdasy arkaly satylyşynyň artdyrylmalydygyny, ýurdumyzyň harytlary ýerlenilýän öz elektron söwda meýdançamyzy döredip, ony halkara derejede mahabatlandyrmak işiniň güýçlendirilmelidigini belläp, bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow eksport edijileriň goldaw merkezi hem-de kiçi we orta telekeçilere goldaw bermegiň merkezi ýaly guramalary jemgyýetçilik başlangyjy esasynda döretmek boýunça teklipleri taýýarlamagy, bu ugurda daşary ýurtlaryň oňyn tejribelerini öwrenmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer G.Müşşikowa we Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe döwrüň talabyna laýyklykda hem-de pudaklaýyn maksatnamalary gyşarnyksyz durmuşa geçirmek bilen baglylykda, öňdebaryjy sanly tehnologiýalar esasynda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak meselesini hemişe üns merkezinde saklamak barada anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň