«Altyn asyr» bäşinji gezek Türkmenistanyň kubogyna mynasyp boldy

18:3309.12.2020
0
7591

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly sport toplumynyň merkezi stadionynda futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy geçirildi. Onda möwsümde ýurdumyzyň çempiony hem bolan «Altyn asyr» bilen «Köpetdag» duşuşdy.

Tutuwbaşdan gyzgalaňly häsiýete eýe bolan duşuşygyň 12-nji minudynda «Köpetdag» Şiri Annaýewiň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren pökgüsi bilen öňe saýlanan hem bolsa, bu üstünlik 69-njy minuda çenli dowam etdi. Şol minutda «Altyn asyryň» goragçysy Zafar Babajanow hasaby deňledi.

Duşuşygyň esasy wagty hem, goşmaça minutlar hem 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Şeýlelikde, ýeňijini kesgitlemek üçin ýene ýarym sagatlyk goşmaça wagt goşuldy. Ýöne ýene hasap açylmady. Şondan soňra duşuşygyň ykbaly 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde kesgitledi.

Kubok üçin iki topar hem ýiti göreş alyp bardylar. Dartgynly pursatlar örän kän boldy. Hatda baş emin Akmyrat Gurbanow «Altyn asyrdan» dört, «Köpetdagdan» ýedi futbolça sary duýduryş kartyny görkezmeli boldy. Dartgynly pursatlaryň birinde garşydaşa garşy gödek hereket eden goragçy Zafar Babajanow 106-njy minutda oýundan çetleşdirildi. Her niçik hem bolsa, duşuşygyň ykbaly 11 metrlik jerime urgulary bilen çözüldi.

Duşuşygyň dowamynda 11 metrlik jerime urgusyndan geçirilen pökgi bilen Kuboga mynasyp bolmaga örän ýakyn gelen «Köpetdagyň» futbolçylary hut şol urgular sebäpli hem Kubokdan mahrum boldular. Toparyň futbolçylary Serdar Baýramowyň, Ibragim Mämmedowyň we Meýlis Diniýewiň urgularynyň üçüsi hem derwezä girmedi. Munuň tersine, «Altyn asyryň» futbolçylary Berdimyrat Rejebow, Mekan Saparow we Resul Hojaýew ýalňyşlyk goýbermedi. Şeýlelikde, 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde 3:0 hasabynda üstün çykan «Altyn asyr» taryhynda bäşinji gezek Türkmenistanyň kubogyna mynasyp boldy. «Aragatnaşykçylar» bu Kubogy mundan ozal 2009-njy, 2015-nji, 2016-njy hem-de 2019-njy ýyllarda gazanypdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň