Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli şaýy pullary çykaryldy

10:4409.12.2020
0
15596

Ýurdumyzyň Merkezi banky Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik altyn we kümüş şaýy pullaryny çykardy. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Gymmaty 100 manat bolan täze şaýy pullary taýýarlamagyň ýylýazgysynda özboluşly orun eýeleýän häzirki zaman numizmatika gymmatlyklarynyň üstüni ýetirdi.

Ýadygärlik şaýy pullar Merkezi bank tarapyndan ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan wakalaryň, döwlet baýramçylyklarynyň we şanly seneleriň hormatyna çykarylýar. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň täze taryhy şöhratly işlere, belent derejelere beslenýär. Munuň özi täze şaýy pullaryň bezeg aýratynlyklarynda we degişli mowzugynda öz beýanyny tapýar.

Häzirki zaman wakalaryny alamatlandyrýan bezeg aýratynlyklary bilen täze teňňeler diňe bir çeperçilik gymmatlyga, özboluşly bezege eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň milli gymmatlyk hökmündäki ähmiýeti ýokarydyr.

Täze şaýy pullaryň ýüz tarapynyň merkezinde dogup gelýän Günüň şöhleleriniň arasynda “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň baş nyşany şekillendirildi. Onuň ýokarsynda ýarym aýlaw görnüşinde “TÜRKMENISTAN — BITARAPLYGYŇ MEKANY” diýen ýazgy, aşaky böleginde “1995 — 2020” sanlar ýerleşdirildi.

Şeýle hem onuň arka tarapynyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy ýerleşdirilipdir. Onuň ýokarsynda ýarym aýlaw görnüşinde “TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY”, aşaky böleginde bolsa “ÝÜZ MANAT” diýen ýazgy bar. Mundan başga-da, bu ýerde gymmat bahaly metalyň mähegi we agramy görkezilipdir.

Au 916,7 altyn şaýy pulunyň agramy 39,94 grama, Ag 925 kümüş şaýy pulunyň agramy bolsa 28,8 grama deňdir hem-de diametri 38,61 millimetrdir. Täze şaýy pullaryň özboluşly öwüşgini bolup, ýerleşdirilen şekilleriň iň kiçi çyzgylaryna çenli anyk görünmegi olaryň tapawutly aýratynlygydyr.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň şaýy pullara beren güwänamasy olaryň halkara ölçeglere kybap gelýän “pruf” hilini kepillendirýär.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buýurmasy esasynda täze şaýy pullary Singapuryň dünýä belli döwlet ordenlerini, sylaglary we medallary döretmekde ýöriteleşdirilen “Eng Leong Medallic Industries Pte Ltd” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň