Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby rus dilinde neşir edildi

23:4006.12.2020
0
7066

Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby «ARETI» kompaniýasynyň ýardam etmeginde rus dilinde çap edildi.

Şu günden beýläk bu eser bilen russiýaly okyjylar hem tanşyp bilerler. Öwrediş hem-de terbiýe beriş ähmiýetine eýe bolan kitap, aýratyn-da, ýaşlar üçin uly ähmiýete eýe bolup, biziň geljegimize, halklarymyzy ýakynlaşdyrýan hoşniýetli arzuw-isleglerimize, baý medeni mirasymyzyň aýawly saklanylmagyna ýardam eder. Olar umumadamzat gymmatlygyna uly goşant goşdular.

Täze neşiriň çap edilmegi ýylsaýyn berkeýän türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolup, Türkmenistanyň Baştutanyna bolan uly hormatyň, döwlet, syýasy, ylmy we medeni işlerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bitiren uly hyzmatlarynyň subutnamasy bolup durýar.

Ýokary çap ediş usulynda neşir edilen kitap dürli reňkli suratlar bilen bezelip, şol sanda resmi senenamalar bilen beýan edilip, okyjylaryň giň topary üçin niýetlenendir. Bu eser jemgyýetiň baýlygyna öwrülip, rus dilli ilat üçin uly ähmiýete eýe bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň