Soňky habarlar

Arhiw

Halkara serginiň altynjy güni-Türkmenistanyň saglyk, ylym-bilim we sport toplumlarynyň güni

11:1206.12.2020
0
3140
Halkara serginiň altynjy güni-Türkmenistanyň saglyk, ylym-bilim we sport toplumlarynyň güni

Şu gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Halkara serginiň maksatnamasynda ýurdumyzyň Saglyk, ylym-bilim we sport toplumlarynyň güni.

Çäreleriň maksatnamasyny ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş we lukmançylyk senagatynyň,  sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hünärmenleri, Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgärleri tarapyndan taýýarlandy we guraldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň kiçi sergi zalynda geçirilýän  konferensiýa içerki ylymyň ösüşine bagyşlanýar. Maslahatda ýaş alymlaryň ylmy we innowasiýa ösüşleri hödürlener.

Günortan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sport çäreleriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy we amaly konferensiýa başlar. Maslahata gatnaşyjylaryň köpüsi wideo aragatnaşygy arkaly oňa goşular, milli saglygy goraýyşyň ösüşi barada pikir alyşarlar.

Günüň ahyrynda birnäçe hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekiler.

Serginiň her gün sagat 12: 00-dan 18: 00-a çenli açykdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň