Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalynda «Ahaly» uly hasap bilen ýeňen «Altyn asyr» finala çykdy

18:0705.12.2020
0
4440

«Altyn asyr» toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň kubogy ― 2020-niň ýarym finalynyň jogap duşuşygynda «Ahaly» uly hasap bilen ýeňdiler.

Paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşyk «aragatnaşykçylaryň» 6:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Mihail Titowyň üç gezek tapawutlanan (15, 29 we 45+3) duşuşygynda beýleki gollary Şamämmet Hydyrow (47), Zafar Babajanow (57) we Begmyrat Baýow (88) geçirdi. «Ahalyň» gollaryny Mirza Beknazarow (86) bilen Pirmyrat Sultanow (87) geçirdi.

Maglumatlardan hem görnüşi ýaly, iki toparyň futbolçylarynyň üç minuda (86, 87, 88) üç gol sygdyrmagy duşuşygyň iň täsirli pursadyna öwrüldi.

Toparlaryň arasyndaky birinji duşuşyk hem «Altyn asyryň» 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Taryhynda dört gezek Türkmenistanyň kubogyna eýe bolan «Altyn asyr» finalda «Şagadam» ― «Köpetdag» duşuşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar.

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň final duşuşygy 9-njy dekabrda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň