Türkmen Lideriniň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly täze kitaby çapdan çykdy

21:4104.12.2020
0
20236

Şu gün – 4-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly täze kitabynyň çapdan çykandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň bellemegine görä, bu täze kitapda türkmen Bitaraplygynyň taryhy kökleri, onuň gözbaşlary, ýurduň halkara gatnaşyklaryndaky orny dogrusynda beýan edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna esaslanyp, dünýäniň abraýly guramalary, köp sanly döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary alyp barýar.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen Bitaraplygynyň milli esaslary, häzirkizamanyň çylşyrymly meseleleri bu kitapda öz beýanyny tapýar. Şeýle-de hormatly Prezident Berdimuhamedow täze kitabynyň hemişelik Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygyna sowgat hökmünde ýazandygyny nygtap, wise-premýerler M.Mämmedowa, R.Meredowa, Ç.Amanowa 12-nji dekabrda belleniljek baýramçylyga çenli onuň tanyşdyrylyş dabaralaryny guramaga rugsat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň