Soňky habarlar

Arhiw

Halkara serginiň dördünji güni gurluşyk we senagat toplumyna bagyşlanýar

10:4904.12.2020
0
7225

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara serginiň dördünji güni ýurduň gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşindäki üstünliklere bagyşlanýar. Şu günki sergini gurnaýjylar bolup Senagat we gurluşyk önümçilik ministrligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi we Türkmenistanyň Energetika ministrligi çykyş edýärler.

Şu günki serginiň açylyşynda Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasary çykyş edip, ýurduň energetika pudagynyň, gurluşyk pudagynyň ösüşini we alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi.  

Şu gün sergide Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň, «Akylly şäher» taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirilýär.

Günüň ikinji ýarymynda kiçi mejlisler zalynda «Türkmenistanyň dünýä derejesinde ykrar edilen milli binagärçiligi»  mowzugy boýunça «tegelek stol», uly mejlisler zalynda wideoaragatnaşyk arkaly «Bitarap Türkmenistanda energiýany ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi» atly halkara maslahat geçiriler.

Maslahat tamamlanandan soň birnäçe hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň