Soňky habarlar

Arhiw

Altymyrat Annadurdyýew Merkezi Aziýanyň futbol çempionatlarynyň iň netijeli futbolçysy boldy

22:1202.12.2020
0
7142

Paýtagtymyzyň “Altyn Asyrynyň” hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew derwezelere geçiren 35 topy bilen Merkezi Aziýanyň futbol çempionatlarynyň arasynda iň köp gol geçiren oýunçy boldy, diýlip Sport.kg saýtynda habar berilýär.

28-nji noýabrda tamamlanan Türkmenistanyň futbol çempionaty bassyr ýedinji gezek “Altyn Asyr” toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Dört aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda ikinji, üçünji orunlary degişlilikde “Ahal” hem-de “Şagadam” toparlary eýelediler.

Geçen möwsümiň jemi boýunça 35 top geçiren A.Annadurdyýewe Milli çempionatymyzyň rekordyny gaýtalamaga 6 top ýetmedi. Ýeri gelende bellesek Ýokary liganyň rekordy 41 topa deň bolup, ol Sergeý Kazankow (1992-nji ýylyň futbol möwsümi) bilen Rejepmyrat Agamyradowa (1995-nji ýylyň futbol möwsümi) degişlidir. A.Annadurdyýewiň 2018-nji ýylda hem ýurdumyzyň futbol çempionatynyň iň köp top geçiren oýunçysy bolandygyny bellemek gerek. Şol ýyl ol derwezelere 19 top geçirmegi başarypdy.

Özbegistan

Jemleýji tapgyrynyň duşuşyklary 29-njy noýabrda geçirilen Özbegistanyň Superligasynda Daşkendiň “Pahtakor” topary ýeňşini baýram edipdi. Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde ikinji, üçünji orunlary “Nasaf” bilen AGMK toparlary eýelediler.

Ýerli çempionatyň jemi boýunça iň köp top oýunça gowşurylýan baýraga netijeli urgularyň 20-sini geçiren “Pahtakoryň” serbiýaly hüjümçisi Dragan Çeran mynasyp boldy.

Täjigistan

Dördünji oktýabrda tamamlanan Täjigistanyň futbol çempionatynda Duşenbe şäheriniň “Istikloly” ýeňiş gazanypdy. Ikinji, üçünji orunlarda “Hujand” bilen SSKA toparlary ornaşmagy başarypdylar.

Çempionatyň iň köp top geçiren oýunçysy Ilhom Baratow (“Istarawşan” topary) möwsümiň dowamynda 18 gezek tapawutlanmagyň hötdesinden  geldi. Ýeri gelende bellesek, mundan öňki 10 ýylyň dowamynda iň köp top geçiren oýunçylar diňe bir topara, “Istilola” wekilçilik edipdiler.

Gazagystan

Gazagystanyň futbol birinjiligi 2004-nji ýyldan bäri ilkinji gezek “Kaýrat” toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Geçirilen 20 tapgyryň netijesinde “Tobol” ikinji, “Astana” bolsa üçünji orna düşdiler.

Ýerli Premýer liganyň iň köp top geçiren oýunçysy bolsa 12 gezek tapawutlanan “Ordabasynyň” braziliýaly oýunçysy Paulo da Silwa boldy.

Gyrgyz Respublikasy

Gyrgyz Respublikasynyň futbol çempionatynda “Dordoý” toparynyň hüjümçisi Mirlan Murzaýew öňdeligi eýeledi. Merkezi Aziýanyň futbol çempionatlarynyň arasynda iň az gol geçiren bu hüjümçiniň görkezijisi 10 topa barabar boldy. Ýöne hakykatyň hatyrasyna ýerli çempionatda toparlaryň hersi bary-ýogy 14 duşuşykdan geçirendigini bellemek gerek.

Gyrgyz Respublikasynyň futbol birinjiliginde “Dordoý” toparynyň çempion bolandygyny ýatladýarys. Bişkegiň topary taryndaky 12-nji çempionlygyny gazanmagy başardy. Çempionatda ikinji, üçünji orunlary “Alga” bilen “Neftçi” toparlary eýelediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň