Türkmenistanyň Baş prokuraturasy ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň maliýe-ykdysady görkezijilerine seljerme geçirer

23:2701.12.2020
0
22202

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek baradaky meselelere bagyşlap geçiren iş maslahatynda döwlet tarapyndan pudaga uly möçberde maýa goýumlarynyň goýlandygyny göz öňünde tutup, kärhanalaryň öndürijiligini we girdejilerini artdyrmagy üpjün etmegi öňde durýan wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Döwlet Baştutany çykdajylaryň düzümini seljermek we önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmek boýunça usulyýeti ornaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagyň döwrüň möhüm talabydygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutany Merkezi bankyň ýolbaşçysy M.Annadurdyýewe ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň tehniki tükelleýiş işlerini geçirmegi tabşyrdy.
Baş prokuror B.Atdaýewe ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň maliýe-ykdysady görkezijilerine seljerme geçirmek tabşyryldy.
Döwlet Baştutany iş maslahatynyň netijelerini jemläp, berlen tabşyryklary öz wagtynda ýerine ýetirmegiň zerurdygyna, munuň milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolan ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigine ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň