Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan 12 günlük sergi öz işine başlady

11:2101.12.2020
0
9748

Şu gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 12 günlük halkara sergi öz işine başlady.

Sergide her pudagyň gazanan üstünlikleri, şol sanda milli Liderimiziň başlangyjy esasynda önümçilige täzeçil tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça gazanylanlar, Diýarymyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply dürli önümleriň nusgalary görkeziler.

10-njy dekabrda ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyzyň baýramçylyk sergisi guralar. Sergide ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyndan, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, dürli ekerançylyk we maldarçylyk önümleri görkeziler.

Şanly sene mynasybetli guralýan gözden geçiriliş Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň gerimi, ýerli çig mallary özleşdirmegiň esasynda gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyň düşünje almaga hem mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň