Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Beridmuhamedow «Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir» atly halkara onlaýn maslahatyna gatnaşyjylary gutlady. Milletiň Lideriniň gutlagynda şeýle diýilýär:
«Hormatly halkara maslahatyna gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!
Sizi «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň hoşniýetli energetika diplomatiýasyna bagyşlanan «Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir» atly halkara onlaýn maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Häzirki döwürde ýurdumyzda ýangyç-energetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň nebitgaz we senagat pudagyny ösdürmek boýunça gin gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Bu onlaýn maslahaty daşary ýurtlardan gatnaşýan işewürleriň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollary we pudagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň usullary bilen tanyşmaklary üçin mümkinçilik döreder.
Türkmenistan tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän gazhimiýa toplumlaryny yzygiderli işe girizýär. Nebitgazçylar ylmyň we tejribäniň ösüşine daýanyp, täze tehnologiýalardan peýdalanyp, çylşyrymly geologik şertlerde ýerleşen ýangyç ýataklaryny özleşdirýärler. Burawlaýjylarymyz bolsa, ýeriň jümmüşine içgin aralaşyp, has çuň gatlaklary burawlamagyň we önüm almagyň hötdesinden gelýärler.
Türkmen nebitçileriniň, gazçylarynyň we geologiarynyň zähmeti bilen uglewodorod serişdeleriniň çig mal ýataklaryny gözlemek, tapmak, täze tehnologiýalardan netijeli peýdalanyp, guýulary çuň burawlamak we özleşdirmek hem-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümçiligi ýola goýmak bilen, täze önümleri öndürmekde gin gerimli işler durmuşa geçirilýär. Uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eye bolan ýurdumyzyň energetika strategiýasy ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de Türkmenistanyň dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilendir. Köpugurly gaz geçiriji ulgamyny döretmek, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak pudagy ösdürmekde geçirilýän işleriň möhüm ugurlarydyr.
Ýurdumyz Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta -Gündogar ugurlary boýunça göni energetika hyzmatdaşlygyny barha giňeldýär, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Hormatly halkara maslahatyna gatnaşyjylar!
Ýurdumyzyň nebitgazly ýataklaryny daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly çalt depginler bilen özleşdirmek barada hem döwletimiz tarapyndan degişli işler geçirilýär. Täze ojaklary açmak, açylan ojaklaryň çägini giňeltmek we işlenip geçilýän känlerde dürli gatlaklary özleşdirmek, täze guýulary maýa goýum çekmek arkaly gazmak ýaly işler daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikde alnyp barylýar. Biz öz tebigy baýlyklarymyzy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, ýagty geljeginiň bähbidine gönükdirýäris.
Bu gün Türkmenistan energiýa serişdelerini diňe bir öndürmek ýa-da daşary ýurtlara ibermek bilen çäklenmän, eýsem dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan önümleriň eksportynyň möçberlerini hem ýylsaýyn artdyrýar.
Biz tebigy gazy gaýtadan işläp, täze önümleri öndürmegi ýola goýmaga uly ähmiýet berýäris. Soňky ýyllarda kabul edilen maksatnamalara laýyklykda bu ugurda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ýakyn wagtda ençeme gazhimiýa toplumlaryny hem-de zawodlaryny gurmagy göz öňünde tutýarys. Geljekde hem ýangyç-energetika toplumynda şunuň ýaly sebit we dünýä ähmiýetli täze taslamalary durmuşa geçirmek biziň döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri bolar.
Häzirki wagtda «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşyk işieri güýçli depginde alnyp barylýar. Bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe oňa gatnaşyjy döwletleriň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýäniň beýieki ýurtlarynyň ösüşine hem oňaýly täsirini ýetirer.
Bu halkara onlaýn maslahatynyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eye boljakdygyna berk ynanýaryn.
Gadyrly dostlar!
Hormatly halkara maslahatyna gatnaşyjylar!
Sizi «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilýän «Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir» atly halkara onlaýn maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow».