Soňky habarlar

Arhiw

BAE-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wagtlaýyn ynanylan wekili «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň kosmos müdirliginiň başlygy bilen duşuşdy

19:5530.11.2020
0
17357

BAE-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Abdulaziz Al-Haşemi, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň kosmos müdirliginiň başlygy Aşyr Garaýew bilen wideokonferensiýa arkaly duşuşdy.

Duşuşykda diplomat BAE-nyň milli kosmos strategiýasy barada jikme-jik gürrüň berdi. BAE hökümeti 2019-njy ýylyň mart aýynda BAE-niň kosmos senagatynyň 2030-njy ýyla çenli döwlet we hususy pudagyň işi üçin umumy binýady kesgitleýän «Milli kosmos – 2030» strategiýasyny  işe girizdi.

BAE-nyň «Milli kosmos – 2030» strategiýasy, BAE-niň kosmos gözlegleri, tehnologiýalary we amalyýetleri baradaky düşünjesini amala aşyrmagy maksat edinýär. Şeýle hem, bu ýurduň kosmos pudagynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň esaslaryndan birini emele getirýär.

Birleşen Arap Emirlikleri 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda ýurduň Aý missiýasynyň Muhammet bin Reşid kosmos merkeziniň täze 2021-2031 strategiýasynyň möhüm bölegidigini mälim etdi. Bu strategiýa, Merkeziň halkara bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmaga, bilim pudagynda täze halkara hyzmatdaşlygy döretmäge hem-de BAE-niň kosmos gözleginde we kosmos tehnologiýalarynda mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir. Bu wezipe ýerine ýetirilenden soň, BAE dünýäde üstünlikli Aýda gonan dördünji ýurt bolar, arap döwletleriniň arasynda bolsa ilkinji ýurt bolar.

BAE kosmonawt alymlarynyň täze neslini ylhamlandyrmaklyk üçin şu ýylyň iýul aýynda Marsa ilkinji taryhy missiýasyny başlady. Bu missiýa BAE-nyň döredilmeginiň 50 ýyllygyna gabat gelýär we 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda Gyzyl Planeta ýeter.

Jenap Aşyr Garaýew 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde uçurylan we häzir wagtda ýokary öndürijilik bilen işleýän kosmos aragatnaşygynyň ilkinji türkmen hemrasyna syn berdi hem-de kosmos müdirligi tarapyndan geçirilen işler.barada tanyşdyrdy. Mundan başga-da, ol BAE-niň gazananlaryna ýokary baha berdi hem-de kosmos ylymlary we tehnologiýalary boýunça tejribe alyşmaklyk meýilnamalary barada aýtdy.

BAE-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat beýanyna görä, duşuşykda taraplar kosmos senagatynda we tehnologiýalarda tejribe alyşmagyň möhümdigini tassykladylar, 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň