Türkmenistanyň metjitleri 1-nji ýanwara çenli ýapyk durar

19:0530.11.2020
0
13272

«Türkmenportalyň» ozal hem habar berşi ýaly, ýiti ýokanç keselleriň ýurda getirilmeginiň we ýaýradylmagynyň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň metjitleriniň işine girizilen çäklendirmeleriň möhleti uzaldylýar.

Şunuň bilen baglylykda, dini edaralaryň — metjitleriň, zyýarat edilýän ýerleriň işi 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwara çenli çäklendirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Müftüligi habar berýär.

Mundan ozal, metjitleriň 1-nji dekabra çenli ýapyljakdygy barada habar beripdik. Bu çäklendirme ýene bir aý uzaldyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň