Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol toparynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew Türkmenistanyň çempionatynyň tamamlanan möwsüminde iň netijeli futbolçy bolmagy başardy. Möwsümde garşydaş derwezelere 35 pökgi geçiren futbolçy, ýene 6 gezek tapawutlanyp bilen bolsa, çempionatyň taryhy rekordyny gaýtalap bilerdi. Her niçik hem bolsa, ol Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 1992-nji ýyldan bäri gelýän taryhynda bir möwsümde iň kän pökgi geçiren futbolçylaryň arasynda ikinji orna çenli çykmagy başardy.
Möwsümde geçiren pökgüleriniň sany boýunça ikinji we üçünji orunlary «Şagadamdan» Yhlas Magtymow bilen «Ahaldan» Elman Tagaýew paýlaşdy. Bu futbolçylaryň her haýsy 16 gezek tapawutlandylar. Altymyrat Annadurdyýewiň bolsa 2018-nji ýylda hem möwsümiň iň netijeli futbolçysy bolandygyny ýatlamak gerek. Ýöne ol şol möwsümde 19 gezek tapawutlanypdy. Bu ýyl oňa netijäni iki essä çykarmak üçin bary-ýogy 3 pökgi ýetmedi.
Ýeri gelende aýtsak, türkmen futbolynyň bir möwsümlik rekordy Sergeý Kazankow bilen Rejepmyrat Agabaýewe degişlidir. Olar degişlilikde 1992-nji we 1995-nji ýyllaryň futbol möwsüminde jemi 41 gezek tapawutlanypdylar. Milli çempionatymyzda iň kän möwsümiň netijeli oýunçysy bolmagy başaran futbolçy bolsa Berdimyrat Şamyradowdyr. Ol jemi alty möwsümde (2004, 2005, 2007, 2008, 2009 we 2010-njy ýyllarda) iň netijeli futbolçy boldy. Rejepmyrat Agabaýew bilen Mämmedaly Karadanow bolsa muny dört gezek başardylar. 1998 ― 1999-njy ýyllaryň futbol möwsüminde birbada üç oýunçy bir möwsümiň iň netijeli futbolçysy bolmagy başarypdy. Olar Rejepmyrat Agabaýew, Didargylyç Urazow we Şarafutdin Jumanyýazowdyr.
Bir möwsümiň iň ýokary netijesi 41 pökgi bolsa, iň pes netijesi 11 pökgüdir. 2008-nji ýylda Berdimyrat Şamyradow, 2010-njy ýylda bolsa Mämmedaly Karadanow 11 gezek tapawutlanyp, möwsümiň netijeli futbolçysy bolmagy başarypdylar.
Okyjylarymyzy Türkmenistanyň futbol çempionatynyň yzda galan 28 möwsüminde iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawy bilen tanyşdyrýarys:
Möwsüm |
Futbolçy |
Topary |
Pökgi |
1992 |
Sergeý Kazankow |
TSHT |
41 |
1993 |
Berdimyrat Nurmyradow |
«Köpetdag» |
25 |
1994 |
Berdimyrat Nurmyradow |
«Köpetdag» |
13 |
1995 |
Rejepmyrat Agabaýew |
«Nisa» |
41 |
1996 |
Rejepmyrat Agabaýew |
«Nisa» |
28 |
1997/1998 |
Rejepmyrat Agabaýew |
«Nisa» |
28 |
1998/1999 |
Rejepmyrat Agabaýew |
«Nisa» |
16 |
Didargylyç Urazow |
«Nisa» |
||
Şarafutdin Jumanyýazow |
«Turan» |
||
2000 |
Amandurdy Annadurdyýew |
«Köpetdag» |
13 |
2001 |
Didargylyç Urazow |
«Nisa» |
32 |
2002 |
Rüstem Sadykow |
«Şagadam» |
20 |
2003 |
Daýançgylyç Urazow |
«Nisa» |
21 |
2004 |
Berdimyrat Şamyradow |
HTTU |
19 |
2005 |
Berdimyrat Şamyradow |
HTTU |
30 |
2006 |
Hamza Allamow |
«Turan» |
22 |
2007 |
Berdimyrat Şamyradow |
HTTU |
16 |
2008 |
Berdimyrat Şamyradow |
HTTU |
11 |
Mämmedaly Karadanow |
HTTU |
||
2009 |
Berdimyrat Şamyradow |
HTTU |
18 |
2010 |
Berdimyrat Şamyradow |
HTTU |
11 |
2011 |
Mämmedaly Karadanow |
HTTU |
24 |
2012 |
Aleksandr Boliýan |
«Şagadam» |
23 |
2013 |
Mämmedaly Karadanow |
«Balkan» |
26 |
2014 |
Mämmedaly Karadanow |
«Şagadam» |
28 |
2015 |
Myrat Ýagşyýew |
«Balkan» |
31 |
2016 |
Süleýman Muhadow |
«Altyn asyr» |
30 |
2017 |
Myrat Ýagşyýew |
«Altyn asyr» |
28 |
2018 |
Altymyrat Annadurdyýew |
«Altyn asyr» |
19 |
2019 |
Didar Durdyýew |
«Ahal» |
14 |
2020 |
Altymyrat Annadurdyýew |
«Altyn asyr» |
35 |