Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makala bilen şulary ýatladýar:
* Saglygyňy gorap saklamakda arassa agyz suwunyň örän uly peýdasy bar. Hut şonuň üçin hem lukmanlar her gün azyndan 1,5-2 litre golaý arassa agyz suwuny içmekligi maslahat berýärler.
* Gyzyp gelip ýa-da agyr fiziki hereketden soň, sowuk suw içmekden saklanmaly.
* Ir bilen, ajöze 1 bulgur gaýnan suw içmegi endik edinmeli. Munuň özi bokurdaga, soňra-da içegelere ýygnanan ownuk hapalary ýuwup aýyrýar.
* Gök önümleri ýuwup bolanyňdan soň, üstünden gaýnan ýa-da gyzgyn suw akytmak has peýdalydyr.
* Gaýnan suw bedeniň derlemegini we deri bilen dürli zyýanly maddalaryň bölünip çykmagyny çaltlandyrýar.
* Ses bilen köp işleýän adamlara (aýdymçylara, alypbaryjylara) diňe çykyş edýän wagtynda däl, hemişe-de gaýnan suw içmegi endik edinmek maslahat berilýär. Bu olaryň sesiniň hemişe dury we belent bolmagyna oňyn täsir edýär.
* Gaýnan suw gan basyşynyň peselmegi we beýgelmegi ýaly ýagdaýlarda hem peýdalydyr. Ol gan basyşyny kadalaşdyrýar.
* Gaýnan suwuň bedeniň dürli wiruslara garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmakda, çuslugy, çalasynlygy artdyryp, özüňi ýeňil duýmakda, dürli keselleriň öňüni almakda, degna dartgynlylygyna garşy göreşmekde we ony gowşatmakda peýdasy uludyr.