Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen himikleri dünýä derejesinde ähmiýete eýe bolan açyş etdiler

11:4428.11.2020
0
9357

Türkmen alymlary pagta çigidinden biologik antibakterial maddalary we birleşmeleri almagy başardylar diýip, Trend habar berýär.

Barlaghana gözlegleri we derňewleri olaryň zyýansyzlandyryş häsiýetleriniň bardygyny we howa-damja ýoly arkaly geçýän hem-de ýokançlyklary döredýän mikroorganizmlere hem-de aşgazan-içege ulgamynyň kesellerine täsir etmäge ukyplydygyny görkezdi.

Şeýle hem, türkmen himikleri ýodomaly - ýerli çig maldan alnan täze elementi sintezlemegi başardylar. Aýdylmagyna görä, bu antiseptigiň bedeniň öýjüklerine ýaramaz täsiri ýok. Şonuň üçin hem täze elementiň tapylmagyny özboluşly diýip atlandyryp bolar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek  gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi tarapyndan geçirilen gözlegler ýodomalyň dünýäde täsirli antiseptik hökmünde giňden ulanylýan ýodinol bilen birmeňzeş häsiýetiniň bardygyny görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň