Soňky habarlar

Arhiw

Ýapon filmi Türkmen teleýaýlymynda görkeziler

18:1927.11.2020
0
10262

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy, Altyn Asyr teleýaýlymynyň “Jahanda näler görüner” gepleşiginiň çäklerinde ýapon halkynyň däp-dessurlaryna we ýokary tehnologiýalara bagyşlanan filmiň türkmen telewideniýesinde görkeziljekdigini habar berdi.  Gepleşik her duşenbe, çarşenbe we anna günleri türkmen dilinde ýaýlyma beriler.

Ýaýlym tertibi aşakdaky ýaly:

  • birinji bölüm 27-nji noýabrda sagat takmynan 15:30-da;
  • 30-njy noýabrda duşenbe güni sagat 15:30-da täzeden gaýtalanar.

Film Nisekonyň lyžaly dynç alyşy, "agaç hirurglary", robotlaryň önümçilikde we ýaşaýyşdaky orny we "donabe" küýzeleri barada bolar.

Käbir sosial ulgamlardaky berilýän maglumatlara görä filmiň dowamlygy 20 minut 16 sekunt bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň