2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabrynda Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionaty geçiriler

23:5926.11.2020
0
7902

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Welosport federasiýasy hem-de Welosipedçileriň halkara bileleşigi bilen bilelikde 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Welotrek sport toplumynda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi. Bu barada TDH habar berýär.

Hususan-da, döwlet Baştutanynyň Kararynda şeýle bellenilýär: «Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek we olimpiýa hereketini ösdürmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek, şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenlerini ýokary derejede toplumlaýyn esasda taýýarlamak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Welosport federasiýasy hem-de Welosipedçileriň halkara bileleşigi bilen bilelikde 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Welotrek sport toplumynda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi.»

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň