Soňky habarlar

Arhiw

“Ýuwentus” 123 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek...

16:2725.11.2020
0
1849

UEFA Çempionlar ligasynda “Ferençwaroşy” Moratanyň soňky minutda geçiren goly bilen 2-1 ýeňip, 1/8 finala adyny ýazdyran “Ýuwentusyň” bu duşuşygynda taryhy waka boldy. Ýagny “Ýuwentus” kluby 123 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek goragçylary hem-de derwezeçi italiýaly bolmadyk futbolçylar bilen meýdança çykdy. Goja Sinýoralylar taryhynda şu wagta çenli geçiren 4371 duşuşygynda ýeke gezek hem goragy hem-de derwezäni italýansyz goýmandy. Ýöne Bonuççi, Kiellini ýaly oýunçylaryň şikesli bolmagy zerarly tälimçi Pirlo goragda Aleks Sandro, Danilo, Kuadrado, De Ligt ýaly daşary ýurtly oýunçylary oýnatdy. Derwezäni bolsa, Şensny gorady. Umumylykda, onsuzam “Ýuwentusyň” Ferenswaroşy 2-1 ýeňen oýnunda meýdançada esasy düzümde ýeke-täk italýan futbolçy bardy. Ol hem Federiko Bernardeskidi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň