Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmen-Tranzit” Türkmenistanda ilkinji onlaýn söwda platformasyny döretmegiň üstünde işleýär

17:1324.11.2020
0
10216
“Türkmen-Tranzit” Türkmenistanda ilkinji onlaýn söwda platformasyny döretmegiň üstünde işleýär

Türkmenistanda öňdebaryjy IT kompaniýalarynyň biri bolan “Türkmen-Tranzit” hünärmenleri, Türkmenistandaky kompaniýalara we kärhanalara programma üpjünçiliginiň hyzmatlaryny bermek we müşderileriň ähli zerurlyklaryny göz öňünde tutýan programma üpjünçiligini döretmek üçin işlerini giňeldýärler.

Türkmenistanyň bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli "Türkmen-Tranzit" kompaniýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşigi bilen bilelikde Türkmenistanda ilkinji onlaýn söwda platformasy bolan, "Kerwen" atly taslamasyny döretmegiň üstünde işleýär.

Onlaýn platforma, diňe satyjylara we öndürijilere haýsy harytlaryň we haýsy bahalarda görkeziljekdigini kesgitlemäge mümkinçilik bermän, ammar we eltip beriş hyzmatlaryny bermäge hem kömek eder.

Şeýle hem, onlaýn platforma daşary ýurt maýasyny çekmek üçin harytlaryň we hyzmatlaryň satylmagy maksady bilen halkara derejesine çykmaga we islendik maksatly onlaýn auksionlary geçirmek ukybyna eýedir.

“Türkmen-Tranzit” kompaniýasynyň bukjasynda eýýäm banklar üçin onlaýn, “TT-gate” patentlenen töleg ýygnaýjysy bolan “Ýeňil töleg” programmasy bar. Kompaniýanyň gazanan üstünlikleriniň arasynda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi üçin iş gözleg programmasy, “Paymob” kompaniýasy üçin sanly goldaw, “Gala” onlaýn egin-eşik dükanynyň web sahypasy we başga-da köp işler bar. Şeýle hem, kompaniýa tarapyndan döredilen

“Netije” elektron resminama dolanyşyk ulgamy, kärhanalaryň enjamlar bilen üpjün edilmegine we töleg ulgamlary üçin programma üpjünçiligini ösdürmäge, şeýle hem 1C esasly iş amallaryny awtomatlaşdyrmaga işjeň gatnaşýar.

“Türkmen-Tranzit” kompaniýasynyň hyzmatlarynyň arasynda diňe bir programma üpjünçiligi we programma düzmek däl, eýsem islendik profil we dürli maksatlar üçin saýtlaryň “nuldan” döredilmegi, şeýle hem kiberhowpsuzlygy üpjün etmek bar.

Onlaýn söwda platformasyna şu salgy arkaly geçip bilersiniz .

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň