Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020, 26-njy tapgyr: «Altyn asyr» «Energetigi» uly hasap bilen ýeňdi

21:2421.11.2020
0
4453

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 26-njy tapgyrynda «Energetigi» uly hasap bilen ýeňdi. Duşuşyk «aragatnaşykçylaryň» peýdasyna 6:0 hasabynda tamamlandy.

Ýeňiji toparda Begenç Akmämmedow 41-nji, Mihail Titow bolsa 60-njy minutda tapawutlandy. Galan dört pökgini 70, 79, 84 we 87-nji minutlarda Altymyrat Annadurdyýew geçirdi.

Möwsümiň tamamlanmagyna iki tapgyr galdy. «Altyn asyr» indiki tapgyrda «Aşgabat» bilen duşuşar. Şol gün ― 25-nji noýabrda «Energetik» «Ahal» bilen güýç synanyşar.

Çempionatyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda «Altyn asyryň» çempionlygyny yglan edendigini, «Energetigiň» bolsa 12 utuk bilen sekizinji orny eýeleýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň