Soňky habarlar

Arhiw

Gülbahar Illiýewa: ― Ilkinji ädim elmydama kyn bolýar. Ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda wirtual serginiň işini ýola goýmak biziň üçin hem aňsat bolmady

16:1021.11.2020
0
6909
Gülbahar Illiýewa: ― Ilkinji ädim elmydama kyn bolýar. Ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda wirtual serginiň işini ýola goýmak biziň üçin hem aňsat bolmady

1-nji noýabrda açylan «Bitarap Türkmenistan» atly wirtual sergi, gürrüňsiz, ýurdumyzyň sanly ulgamynyň ösüşine tarap barýan aýgytly ädimleriň biridir. Wirtual ekspozisiýanyň “geçýän ýerinden” täzelikleri öwrenmek üçin, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi we ýarmarkalar bölüminiň başlygynyň orunbasary Gülbahar Illiýewa bilen söhbetdeş bolduk.

― “Bitarap Türkmenistan” ― ýurdumyzdaky ilkinji wirtual sergidir Ilkinji synanyşyk barada näme aýdyp bilersiňiz.

― Ilkinji ädim elmydama kyn bolýar. Ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda wirtual sergi işine girişmek biziň üçin hem aňsat bolmady. Öňümizde duran iş örän köpdi. Nireden başlamalydygyny ölçerip-dökmek üçin meýilnama düzmek irginsiz zähmeti talap etdi. Tejribe toplamak üçin beýleki ýurtlardaky wirtual sergiler bilen hem tanyşdyk. Netijede, sergimizi döwrebap we şol bir wagtyň özünde milli äheňde etmäge synanyşdyk.

― Serginiň açylanyna birnäçe gün boldy. Gatnaşyjylaryň işjeňligi näderejede?

― Serginiň açylan gününden bäri diňe biziň ýurdumyzdan däl, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Russiýadan, Şwesiýadan, Türkiýeden we başga-da birnäçe daşary döwletlerden köp sanly adam oňa syýahat etdi.

― Sergi barada myhmanlardan gelen seslenmeler barmy?

― Onda-da örän kän. Mysal üçin, angliýaly bir ulynyjy şeýle ýazypdyr: “Örän parlak we owadan sahypa. Gyzykly sergi. Köp zähmetiň siňdirilendigini görmek bolýar».

― «2020 ― 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň sergileriniň, ýarmarkalarynyň we konferensiýalarynyň guralyşyny gowulandyrmak boýunça Strategiýasy” söwda forumlaryny guramak üçin Internet giňişliginden peýdalanmagyň başlangyjydyr. Ilkinji tejribe eýýäm gazanyldy, bu täsir ediş tejribesini mundan beýläk 3D görnüşde nähili ulanmagy meýilleşdirýärsiňiz?

― Dogry, wirtual sergi geçirmekde tejribe topladyk. Elbetde, bu soňky çäre bolmaz, geljekde gatnaşyjylaryň geografiýasyny giňeltmek isleýäris. Türkmenistanda halkara wirtual sergini hem geçirmek meýlimiz bar. Üstünlik gazanjakdygymyza ynanýaryn!

― Indiki maksatlaryňyz nähili?

― Häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sergini geçirmäge taýýarlyk görýäris.

― Bize wagt aýranyňyz üçin köp sagboluň, işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris!

― Sizem sag boluň!

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň