Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedow bilen duşuşygy barada gürrüň berdi.
«Biz birek-biregiň hal-ahwalyny sorap durýarys. Soňky ýeňşinden soň ony gutladym. Ýeňiş gazanyna diýseň begendim. Aslynda, oňa GDA-nyň ähli ýerinden goldaw berdiler. Ol örän terbiýeli, adamkärçilikli adam. Şu gezekki gürrüňdeşligimizde muňa has anyk göz ýetirdim. Ol hakda diňe gowy zatlar aýdyp bilerin» diýip, ildeşimiz onlaýn ýaýlymlaryň birinde Nurmagomedowy öwdi.
Şeýle hem ony birnäçe ýyldan bäri tanaýandygyny aýtdy:
«Men ony ozal Ukraina geleninde görüpdim. Bu barada hiç kim bilenok, ýöne size aýdaýyn. Indi aýtmaga sebäp bar. Men ACB bilen şertnama baglaşýardym, şol wagt Habib geldi. Men ondan maslahat aldym. Şol maslahatlar köp ýerde kömek etdi. Munuň üçin oňa sagbolsun aýdýaryn. Bu gezek BAE-de ony görenimde şol duşuşygy onuň özi ýatlady. Muňa garaşmandym. Oňa hoşallygym çäksiz».
Mundan başga-da, türkmen pälwany amerikaly Daniel Korme bilen hem bile türgenleşmekçi bolýandygyny aýtdy.