Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi

23:3519.11.2020
0
5473

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ýapon dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Tanyşdyrylyş dabarasyna Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurdumyzda işleýän daşary döwletleriň diplomatlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professorlary, mugallymlary hem-de talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Onlaýn görnüşde geçirilen çärä türkmen okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk edýän ýapon ýokary okuw mekdepleriniň — Tokio we Sukuba uniwersitetleriniň hem-de Kitasato uniwersitetiniň ýolbaşçylary we wekilleri, dostlukly ýurduň ylmy jemgyýetçiligi goşuldy.

Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisi Hiroýuki Ýamamoto çärede çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýapon dilinde çap edilmeginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini nobatdaky gezek tassyklaýandygyny hem-de däbe öwrülen dostlukly we özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna möhüm goşant goşýandygyny belledi.

Belläp geçsek, 2012-nji ýylda «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabyň ýapon dilinde neşir edilendigini bellemek gerek. Terjimeçi — halkara gatnaşyklaryň professory, Sasakawa Parahatçylyk gaznasynyň geňeşçisi Ýoşiaki Sasaki Magtymguly adyndaky Halkara baýraga mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň