«Rubiniň» we «Rostowyň» ozalky baş tälimçisi, türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýew «Zenit» toparynyň hüjümçisi Serdar Azmun baradaky pikirlerini beýan etdi.
― Islendik oýunçyda ilkinji gözleýän zadym çalasynlyk, ýeňillik we böküş ukyby. Şolara görä, onuň özüňe gerekdigini ýa gerek däldigini kesgitleýärsiň. Bir mysal bereýin: Tälimçi Aleksandr Masýura ikimiz Di Mariýany ilkinji gezek Argentinada synladyk. Ol bary-ýogy 10-15 minut oýnady, ýöne Masýura dessine: «Ine, şuny satyn almaly» diýiberdi. Olar şol wagt 18 ýaşly ýigit üçin 15 million ýewro baha kesdiler. Bizde muňa mümkinçilik ýokdy. Biz Azmun barada-da eýýäm ilkinji pursatlardan gowy garaýyşdadyk. Onuň kakasy Kazana geldi. Men onuň türkmenidigini hem bilmeýärdim, eýranly diýip pikir etdim. Ol bolsa türkmençe gürläp başlady. Ony Eýranda diýseň gowy görýärler. Men meşhurlyk meselesinde alada galýan we mümkinçilik bolanda Angliýada oýnamagy maslahat berýän ― diýip, ildeşimiz kommentator Gennadiý Orlow bilen geçirilen söhbetdeşlikde aýtdy.