Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýew geljekdäki iş ýeri barada aýtdy

12:5819.11.2020
0
20779

Kazanyň «Rubin» toparynyň ozalky baş tälimçisi, türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýew tanymal kommentator Gennadiý Orlow bilen geçirilen söhbetdeşlikde näme üçin işi goýandygyny aýtdy:

― Men profesional karýeramda hemişe şeýle maksatlar bilen ýüzbe-ýüz boldum: görkezijileri boýunça pese gaçýan topary gaýtadan ýokary çykarmaly. Munuň üçin wagt sarp edýäris. Häzir hem teklipler bar, ýöne aňrybaş wezipeler ýok. Men çynlakaý taslamalary isleýärin. Elbetde, men işlemäge taýyn.

67 ýaşly Gurban Berdiýewiň karýerasyndaky iň soňky oýun, 2019-njy ýylyň 26-njy maýynda Krasnodarda geçirilen Russiýanyň Premýer ligasynyň 30-njy tapgyrynyň duşuşygydyr. Şonda «Rubin» ýer eýelerinden utuldy (1: 0) we Russiýanyň çempionatynda 11-nji ýeri eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň