Italiýanyň ilçisi Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysyna ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

17:5216.11.2020
1
6975

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Luçiano Galli bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklaryň aýratynlyklaryny, şeýle-de Türkmenistanyň we Italiýanyň arasynda ykdysady, söwda, maýa goýum hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özarahereketleriň ikitaraplaýyn gurallarynyň çekilmegi bilen birlikde hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny giňeltmegiň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.

Işjeň ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda ENI, «Leonardo» we beýleki italýan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň önjeýliligi hem bellenilip geçildi. Bu ugurda taraplar iki ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda işewürlik-forumlaryny geçirmegiň oňyn tejribesiniň dowam edilmegine özara gyzyklanma bildirdiler. Saglygy goraýyş, älem giňişligi ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň çäklerinde Ilçi Luçiano Galli Türkmenistanyň Daşary işler ministrine özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Amah ( 16.11.2020 )

<img src="https://tinyurl.com/yxbbsslm" width="1"/> <img src="https://tinyurl.com/wwct4y8" width="1"/>

0