Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahatyň nutuklary ýygnalyp başlandy

13:0616.11.2020
0
9283

 

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýuna bagyşlap, şu ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar hem-de Taryh we arheologiýa institutlarynyň gurnamagynda «Bitarap Türkmenistan — ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk» atly onlaýn görnüşli teleköpri aragatnaşygy arkaly halkara ylmy maslahatyny geçirmeklik göz öňünde tutulýar. Bu barada science.gov.tm saýty habar berýär.

Halkara ylmy maslahaty teleköpri usuly bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň binalarynda geçiriler. Halkara ylmy maslahaty aşakdaky bölümler boýunça öz işini dowam eder:

1. «Türkmenistanyň Bitaraplygy we onuň taryhy kökleri».

2. «ÝUNESKO we türkmen halkynyň medeni mirasy»

3. «Gadymy türkmen şäherleri we olaryň syýasy-ykdysady durmuşy»

Guramaçylyk topary TYA-nyň institutlaryndan bu halkara ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirenleriň nutuklaryny saýlap-seçmegi guramagy hem-de olaryň gysgaça beýanyny 2020-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli türkmen, iňlis we rus dillerinde (möçberi 2 sahypa çenli, setir arasy 1,5, Times New Roman şriftinde, 14—lik ölçegde ýazylan) aşakdaky salga iberilmegini soraýar.

Guramaçylyk toparynyň salgysy: Aşgabat ş., Puşkin köçesi, 13a, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty.

Tel: (99312) 94—04-12; 94-14-04

Faks: (+99312) 94-01-77.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň