TÝL ― 2020: «Altyn asyr» ýedinji gezek Türkmenistanyň çempiony

19:4214.11.2020
0
11830

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn asyr» futbol topary ýurdumyzyň çempionatynyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda çempionlygyny yglan etdi. «Aragatnaşykçylar» milli çempionatyň 25-nji tapgyrynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» futbol toparyny 3:0 hasabynda ýeňdiler. Bu ýeňiş şol bir wagtyň özünde olara bassyr ýedinji çempionlygy hem getirdi.

«Altyn asyr» bu çempionlyklaryň ählisini Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň ýolbaşçylygynda gazandy. 43 ýaşly tälimçiniň özi bolsa mundan ozal başga toparlar bilen hem dört gezek çempion bolupdy. Şeýlelikde, Ýokary liganyň 25 möwsüminiň 11-sinde çempion bolan tälimçi özüne degişli rekordy ýene bir gezek täzeledi.

2014-nji ýyldan bäri çempionlygy hiç bir garşydaşyna gidirmän gelýän «Altyn asyr», şeýlelikde, milli çempionatymyzda ýedi gezek çempion bolan ilkinji topar boldy. Milli futbolymyzyň ady rowaýata öwrülen toparlarynyň biri «Köpetdagyň» alty çempionlygy bardy.

Bu netije bilen, «Altyn asyr» futbol topary 2021-nji ýylda yklymyň toparlaýyn görnüşdäki birinji derejeli ýaryşyna ― AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşar.

Ýeri gelende aýtsak, «Altyn asyr» futbol topary şu ýyl 12 ýaşady. Muňa garamazdan ol diňe bir ýurdumyzda däl, tutuş Merkezi Aziýa derejesinde-de kuboklara, çempionlyklara iň köp mynasyp bolan topar hökmünde orta çykdy. Ýedinji çempionlygyny gazanan topar dört gezek Türkmenistanyň kubogyna, alty gezek Naýbaşy kuboga mynasyp boldy. «Altyn asyryň» 2018-nji ýylda AFK-nyň kubogynda finala çenli baryp ýetendigini hem ýatladýarys.

Ýeri gelende aýtsak, çempionatymyzda «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary ikinji orny eýeledi. Möwsüm heniz tamamlanmasa-da, birinji we ikinji orunlaryň eýeleriniň belli bolmagy üçünjilik ugrundaky göreşi has ýitileşdirýär. Häzir bu orun üçin Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» hem-de IIM-niň «Köpetdag» futbol toparlary göreşýär. Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşda kimiň ýeňiji bolýandygyna baglylykda, çempionatda üçünji orny eýelän topara hem indiki ýyl yklym ýaryşyna gatnaşmaga mümkinçilik döräp biler.

Çempionat 28-nji noýabrda, Kubok ýaryşy bolsa 9-njy dekabrda tamamlanar. Şondan soňra 2021-nji ýyldaky halkara ýaryşlara haýsy toparlarymyzyň wekilçilik etjekdigi doly belli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň