Soňky habarlar

Arhiw

Putin Türkmenistan bilen howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky şertnamany tassyklady

19:4409.11.2020
0
19786

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin «Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak baradaky» Kanuna gol çekdi.

Bu resminama Russiýa Federasiýasynyň hukuk maglumatlarynyň resmi portalynda çap edildi.

Bu resminama garamak üçin Döwlet Dumasyna iberilipdi. 21-nji oktýabrda Kanunyň taslamasy Döwlet Dumasynyň wekilleri tarapyndan tassyklandy.

Türkmen parlamentarleri resminamany 24-nji oktýabrda tassykladylar.

Resminamada ýurtlaryň parahatçylygy berkitmek, Merkezi Aziýada we dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin özara hyzmatdaşlyk etmek bellenilýär. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde taraplar umumy ýaragsyzlanmak prosesiniň dowam etmegine we köpçülikleýin howpsuzlygy güýçlendirmek, BMG-nyň parahatçylygy goraýyş wezipesini güýçlendirmek, sebit hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin öz daşary syýasatlaryny utgaşdyrmak borçnamasyny öz üstüne alýarlar.

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 8-nji aprelinde ýola goýuldy.

Umuman alanyňda, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda özara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny öz içine alýan 170-den gowrak şertnama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň