Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda futzal möwsümi tamamlandy: çempion ― «Köpetdag»

21:3408.11.2020
0
2583
Türkmenistanda futzal möwsümi tamamlandy: çempion ― «Köpetdag»

Aşgabat şäherinde geçirilen 28-nji tapgyryň duşuşyklary bilen Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň ýene bir möwsümi tamamlandy. Jemleýji tapgyryň ahyrynda möwsümiň öňdebaryjylaryna baýraklar hem gowşuryldy.

Çempionatyň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda çempionlygyny yglan eden «Köpetdag» jemleýji tapgyrda «Serhetçini» 22:10 hasabynda ýeňdi. Beýleki duşuşyklarda «Senagatbank» «Olimpden» 13:1, «Deňizçi» «Gümrükçiden» 8:3, «Migrasiýa» «Daýhanbankdan» 5:1 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, möwsüm Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» futzal toparynyň çempionlygy bilen tamamlandy. 28 duşuşygyň 25-sinde ýeňiş gazanyp, birinde deňme-deň oýnan «Köpetdag» diňe iki duşuşykda garşydaşlarynda asgyn geldi. Bu duşuşyklarda garşydaş derwezelere 212 pökgi geçiren topar öz derwezesinde bary-ýogy 52 pökgi gördi. Şeýlelikde, «Köpetdag» pökgi gatnaşygy boýunça möwsümiň iň ýokary netijesini (+160) görkezdi. Topar 28 duşuşykda 76 utuk toplap, iň ýakyn bäsdeşinden 24 utuk öňe saýlandy.

Möwsümiň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda «Senagatbank» topary ikinji ornuň ymykly eýesi boldy. 28 duşuşygyň 15-sinde ýeňiji bolup, 6 duşuşykda garşydaşlaryndan asgyn gelen «Senagatbank» 7 gezek deňme-deň oýnady. Garşydaş derwezelere 144 pökgi geçiren topar öz derwezesinde 63 pökgi gördi. 52 utuk bilen möwsümi ikinji orunda tamamlady.

Çempionatda üçünji orun urgundaky ýaryşyň iň soňky tapgyra çenli dowam edendigini aýratyn nygtamak gerek. Täsin tarapy, möwsümiň dördünji aýlawyna bäşinji orunda girişen «Deňizçi» soňky tapgyrlarda örän güýçli oýun görkezip, bürünç medala çenli beýgelmegi başardy. Ýöne üçünji orny tä 25-nji tapgyra çenli gorap gelen «Migrasiýa» hem möwsümde «Deňizçi» bilen birmeňzeş netijäni görkezdi. Toparlaryň ikisi hem 14 duşuşykda ýeňiş gazanyp, 8 duşuşykda ýeňildiler, 6 gezek deňme-deň oýnadylar. Muňa garamazdan, özara duşuşyklaryň netijelerine we pökgi gatnaşygyna baglylykda «Deňizçi» üçünji, «Migrasiýa» bolsa dördünji orny eýeledi. Toparlaryň ikisi hem möwsümde 48 utuk gazandy.

Möwsümde bäşinji orny «Gümrükçi», altynjy orny «Daýhanbank», ýedinji orny «Serhetçi» eýeledi. 28 duşuşygyň ählisinde-de garşydaşlaryndan asgyn gelen «Olimp» ýaryş tertibiniň iň aşaky basgançagyndan orun aldy.

Dört aýlawdan ybarat bolan möwsümde 112 duşuşyk geçirilip, şolarda derwezelere 992 pökgi girizildi. Ýaryşýan toparlaryň arasynda «Olimpden» galany garşydaş derwezelere 100 ýa-da ondan hem köp pökgi girizdiler. Şeýlelikde, bassyr ikinji gezek ýurdumyzyň çempiony bolan «Köpetdag» futzal topary 2021-nji ýylda AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Ýokarda hem ýazyşymyz ýaly, 28-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soňra toparlaýyn we şahsy baýraklar gowşuryldy. Şahsy baýraklaryň ählisine möwsümi altyn medal bilen tamamlan «Köpetdagyň» wekilleri mynasyp boldular. Has takygy, toparyň derwezeçisi Berdimyrat Sapardurdyýew möwsümdäki iň başarjaň derwezeçi diýlip yglan edildi. 28 duşuşykda 73 gezek tapawutlanan Mülkaman Annagulyýew bolsa iň netijeli futzalça gowşurylýan baýraga mynasyp boldy. Toparyň baş tälimçisi Mergen Orazow «Iň gowy tälimçi» diýlip yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň