Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow bazarlaryň we dükanlaryň dürli önümler bilen üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy

15:4106.11.2020
0
17712

Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Prezident Berdimuhamedow wise-premýer Ç.Gylyjowa ýüzlenip, bazarlaryň we dükanlaryň dürli önümler bilen bolelin üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow on aýda gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe haryt dolanyşygynyň mukdarynyň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,6 göterime barabar bolup, önüm öndürmek boýunça 107 göterim ösüş gazanyldy.

Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan çykarylan önümleriň, şol sanda pagta ýüplüginiň we nah matalaryň önümçiliginiň mukdary, degişlilikde, 104 göterime we 101,2 göterime, tikin hem-de örme önümleriniň çykarylyşynyň möçberi 117,4 göterime, gön önümleriniň çykarylyşynyň möçberi 103,2 göterime deň boldy.

«Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 111,8 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýanwar — oktýabr aýlarynda birža söwdalarynyň 231-si geçirilip, 23 müň 62 şertnama baglaşyldy.

Söwda-senagat edarasy boýunça amala aşyrylan işleriň ösüşi 107,1 göterime barabar boldy. Şu döwürde sergileriň 5-si hem-de wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlaryň 25-si geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar — oktýabr aýlarynda senagat önümleriniň öndürilişiniň mukdary 133 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi 110,2 göterim ýokarlandy.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň sarp edýän harytlarynyň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyryp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Milli Lider telekeçilik pudagyny ösdürmegi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň hususy bölegini döwlet tarapyndan goldamak boýunça nobatdaky çäreleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezident gyş möwsüminiň golaýlap gelýändigine, şunuň bilen baglylykda, bazarlarymyzyň we dükanlarymyzyň, aýratyn hem baýramçylyk günleri dürli önümler bilen bolelin üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň günüň talabydygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň