Soňky habarlar

Arhiw

Futzal, Naýbaşy liga ― 2020: «Köpetdag» wagtyndan ozal çempion boldy

17:3403.11.2020
0
6840

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň altyn medalynyň eýesi belli boldy. Çempionatyň 23-nji tapgyrynda «Migrasiýa» futzal toparyny 4:0 hasabynda ýeňen «Köpetdag» bassyr ikinji gezek ýurdumyzyň çempiony boldy. 23 tapgyrda 61 utuk toplap bilen topar ikinji orundaky bäsdeşinden hem 16 utuk öňe saýlanyp, janköýerlerini arzyly çempionlyk bilen begendirdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň garamagyndaky «Köpetdag» futzal topary geljek ýylda yklym ýaryşyna ― AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Ýeri gelende aýtsak, şu habar taýýarlanýança, çempionatyň 24 tapgyry yzda galdy. Häzir kümüş we bürünç medal ugrundaky göreş bäş toparyň («Senagatbank», «Migrasiýa», «Deňizçi», «Gümrükçi» we «Daýhanbank») arasynda dowam edýär diýip bileris. Çünki olaryň toplan utuklary biri-birine juda ýakyn.

Çempionat 28-nji tapgyryň duşuşyklary bilen tamamlanar. Onuň barşy bilen okyjylarymyzyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty (www.tff.com.tm) arkaly tanşyp biljekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň