Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: «Ahal» 800-nji utugyny gazandy

20:5631.10.2020
0
3201
TÝL ― 2020: «Ahal» 800-nji utugyny gazandy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 22-nji tapgyrynda «Nebitçini» 2:1 hasabynda ýeňen «Ahal» Ýokary ligada jemi toplan utuklaryny 801-e çykardy. Sait Seýidowyň şägirtleri bu netije bilen Ýokary liganyň taryhynda iň köp utuk toplan toparlaryň arasynda 5-nji orny eýeleýär.

Ýokary ligada arakesmeler bilen çykyş eden «Ahalyň» iň köp utuk toplan bilen möwsümi 2014-nji ýyl boldy. Şol ýyl kümüş medala mynasyp bolan topar 87 utuk toplap taryhynyň rekordyny goýdy. Toparyň iň şowsuz ýyly bolsa 2002-nji ýyldyr. Şol ýyl «Ahal» möwsümi bary-ýogy 9 utuk bilen tamamlady.

Ýokary ligada 20-nji möwsümini geçirýän «Ahal» şol möwsümleriň birinde 80-den, ikisinde 70-den, dördüsinde 60-dan kän utuk toplap bildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň