Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda şahyr Gurbannazar Ezizowyň ýatlama dabarasy geçirildi

12:2331.10.2020
0
18061

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda ajaýyp türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanan çäre boldy, diri gezip ýörenliginde ol şu ýyl 80 ýaşamalydy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Paýtagtymyzyň esasy ýokary okuw jaýynyň medeni-magaryf çäresini geçirmek üçin saýlanyp alynmagy tötänden däl. Bu ýerde şahyryň agtygy Aýtäç Orazowa iňlis dili mugallymy bolup işleýär, ol HYYweÖU-niň rektoratyna talyp ýaşlar üçin Gurbannazar Eziziowy dostluk ýa-da döredijilik gatnaşyklary birleşdiren belli edebiýatçylar, artistler we alymlar bilen duşuşyk guramagy teklip etdi.

Hatyra baglanşygy dowam etmelidir, şonuň üçinem nesilleriň söhbetdeşligi möhümdir, Gurbannazar Ezizowyň şahyrana pikirleriniň çuňňurlygyna düşünýänleriň we onuň ol ýa-da beýleki eserleriniň döreýşinden habarly adamlaryň gürrrüňi has-da gymmatlydyr. Bu çäre ýaş nesliň wekillerine özi üçin lirik, ynsanperwer we watanperwer şahyryň döredijilik Älemini açmaga, onuň edebi mirasynyň türkmen poeziýasynyň ösüşine ummasyz täsirine düşünmäge üýtgeşik mümkinçilik berdi.

Gurbannazar Ezizowyň ömrüniň dürli pursatlaryny, baý duýgylaryny, oý-pikirlerini, duşuşyklaryny.... görkezýän kinohronikanyň kadrlarynyň täsiri has-da güýçli boldy.

Sazly-şahyrana duşuşygyň alyp baryjysy Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowa diňe bir oňa gatnaşanlaryň her biri bilen tanyşdyrman, eýsem Gurbannazar Ezizowyň baky eserlerinden öz halaýan goşgylaryny täsirli okady.

Ezizowyň döwürdeşleri – edebiýatçylar, nakgaşlar, aýdymçy-sazandalar, alymlar ýyldyrym deý süýnüp giden gysga ömründe zehin şöhlesi bilen milletiň aňynda müdimi galan şahyr barada ýatlamalar bilen çykyş etdiler..

Şahyryň goşgylaryna Nury Halmämmedowyň, Rejep Rejebowyň, Daňatar Hydyrowyň döreden aýdymlaryny tanymal aýdymçylar ýerine ýetirdiler...

Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa şahyryň arzuwlap gezen ogly dünýä inmänkä oňa bagyşlap ýazan «Hüwdi» aýdymyny ýerine ýetirdi... Serdar şahyr wepat bolandan soň dünýä indi.

-Ezizowlaryň maşgalasy bilen meni iki zat baglanyşdyrýar. Birinjisi, kakamyň dutary Gurbannazar Ezizowyň ýadygärlik ýazgyly sowgady, ikinjisi, Döwletmämmet Azady adyndaky Milli dünýä dilleri institutynda Serdar Ezizow bilen bile okadym– diýip aýdymçy gürrüň berdi.

Halkara bäsleşiginiň Baş Baýragynyň eýesi sazanda Serdar Haýdarow Annamuhammet Gurbanowyň Gurbannazar Ezizowa bagyşlap ýazan «Sary ýapraklar» aýdymyny ýerine ýetirdi. Daragty terk edýän sary güýz ýapraklary hat-da gaýmalaşyp gaýdandan-da owadanlygy bilen ömür tanapy ir kesilen şahyry ýada salýar.

Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew Gurbannazar Ezizowyň goşgylaryna «Şadyýan gün», «Daglar» we beýleki aýdymlary ýerine ýetirdi.

-Meniň repertuarymda Gurbananzar Ezizowyň goşgylaryna aýdymlar kän, özbaşdak konsertlerimiň biri hem şolarsyz geçmeýär – diýip tanymal aýdymçy aýtdy. «Gyzlaryma» diýen aýdymy aýdanymda zalda oturan erkek adamlaryň aýdymyň ýürege ýakyn, söýgä we mähre ýugrulan sözlerini aýratyn ünsli diňleýändiklerini görýärin...

Ýygnananlaryň öňünde şahyryň gyz Ýazgül Ezizowa çykyş etdi. «Halk ýazyjysy adyny alan şahyrlar bolýar, halk söýgüsini gazanan şahyrlaram bar. Gurbannazar Ezizowyň döredijiligine söýgi kakam barada geçen zamanda gürürň etdirmeýär. Kakam öz duýgylaryny, söýgüsini siňdiren setirlerinde ýaşaýar, olarda onuň duýgylary duýulýar, ýüregi henizem urup dur.»

Bu pikir Gurbannazar Ezizowyň döredijilik mirasyna, ýürek töründen dörän ajaýyp şahyrana setirlerine sarpa goýýan dürli nesilleriň wekillerini birleşdiren duşuşykdaky çykyşlaryň ählisiniň içinden eriş-argaş bolup geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň