Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda şu ýyl 10 milliona derek 25 million düýp bag ekiler

23:4429.10.2020
0
3665
Türkmenistanda şu ýyl 10 milliona derek 25 million düýp bag ekiler

29-njy oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanyna ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan şu ýylda jemi 10 million düýp bag nahallaryny ekmek bellenilip, häzirki wagtda bu ugurda zerur işler alnyp barylýar. Eziz Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli, şu ýylda ýurdumyzda jemi 25 million düýp bag nahallaryny ekmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan şu ýylyň güýzki möwsüminde ýene-de saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzüm nahallarynyň 15 million düýbüni ekmek barada degişli teklipler işlenip taýýarlanyldy.

Wise-premýer ählihalk bag ekmek dabarasyny 7-nji noýabrda geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Ýurdumyzda 2020-nji ýylyň güýzki möwsüminde bag ekmek hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, daşky gurşawy goramagyň, tebigata aýawly garamagyň, onuň gözelligini hem-de baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklamagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny belledi. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, milli we ählumumy derejede ýurdumyzda toplumlaýyn uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onda senagat düzüminiň, ulag kommunikasiýalarynyň okgunly ösýändigi, şäherleriň çäkleriniň giňelýändigi hem-de täze ilatly ýerleriň peýda bolýandygy bilen baglylykda, ýaşyl zolaklary hem-de tokaýlyklary döretmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň tutuş ilatynyň gatnaşmagyndaky bu ägirt uly maksatnamanyň wezipeleriniň ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz «Ýurdumyzda 2020-nji ýylyň güýzki möwsüminde bag ekmek hakyndaky» Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň