Türkmenistan «Hindistan ― Merkezi Aziýa» diologynyň ikinji mejlisine gatnaşdy

23:3628.10.2020
0
5586

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň derejesinde «Hindistan — Merkezi Aziýa» dialogynyň ikinji mejlisiniň çäklerinde göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Hindistanyň daşary işler ministri S.Jaýşankaryň ýolbaşçylygynda geçirilen mejlise Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary N.Niýazaliýew, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri S.Muhriddin, Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilow hem-de ýörite myhman hökmünde Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammad Hanif Atmar gatnaşdy.

Taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit hem-de möhüm halkara meseleleri dogrusynda pikir alyşdylar. BMG-niň we beýleki halkara düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn üns berildi.

«Hindistan — Merkezi Aziýa» dialogynyň çäklerinde sebitleýin howpsuzlygy saklamak esasy ugurlaryň biri bolup, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine berk ygrarlylygy bellenilip geçildi.

Şeýle hem ýurdumyzyň Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylykly ýagdaýyň ilerledilmegi, şol sanda goňşy döwletiň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine ýardam bermek baradaky berk orny nygtaldy. Türkmenistan OYR-da durnuklylygyň gazanylmagy babatynda diňe diplomatik we syýasy gurallaryň ulanylmagy ugrunda çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan öz tarapyndan ähli mümkin bolan çäreleri amala aşyrýar. Milli Liderimiz owganara gepleşikleriň geçirilmegi üçin ýurdumyzyň syýasy giňişligini hem-de zerur bolan guramaçylyk şertlerini üpjün etmäge taýýardyr.

Türkmenistan şonuň ýaly-da, Owganystanyň hemmetaraplaýyn ösüşine itergi berjek, onuň dünýä ykdysadyýetine sazlaşykly goşulyşmagyna ýardam etjek ägirt uly energetika, ulag we infrastruktura taslamalarynyň ençemesini durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselelere üns bermek bilen, olaryň üstünlikli çözülmegine ýardam edýär.

Owganystanyň çägine çykmagy bilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan ugry boýunça gaz geçirijiniň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we demir ýol ugurlarynyň gurluşygynyň, şeýle-de ýerüsti, demir ýol we deňiz ulaglarynyň hem-de infrastrukturasynyň ulanylmagy bilen üstaşyr geçelgeleriň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Bu taslamalar Ýewraziýa giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir.

Şu nukdaýnazardan, ministrler «Hindistan — Merkezi Aziýa» dialogyna Owganystanyň gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Olar Owganystanyň ösdürilmegi we ykdysady taýdan dikeldilmegi babatynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň üstaşyr geçiriş we ulag mümkinçilikleriniň ösüşine, şol sanda sebit hem-de halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi boýunça bilelikdäki başlangyçlaryň ilerledilmegine aýratyn seredildi.

Taraplar energetika, gazhimiýa senagaty, ulag, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy babatynda özara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has hem giňeldilmegine, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirildi. Bu babatda ministrler 2020-nji ýylyň fewralynda Nýu-Delide «Hindistan — Merkezi Aziýa» Işewürler geňeşiniň döredilmegini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Ministrler medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýagdaýyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurtlaryň umumy taryhy we medeni gymmatlyklarynyň bardygy bellenilip geçildi. Bilelikdäki bilim we medeni çäreleriň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň