Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: «Ahal» bilen «Aşgabadyň» arasyndaky duşuşykda pökgi geçirilmedi

21:0027.10.2020
0
2096
Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: «Ahal» bilen «Aşgabadyň» arasyndaky duşuşykda pökgi geçirilmedi

Türkmenistanyň futbol çempionatynda ýaryşyň ikinji basgançagynda barýan «Ahal» ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ilkinji duşuşygyny deňme-deňlikde geçirdi. «Aşgabat» stadionynda «Aşgabat» futbol topary bilen geçirilen duşuşykda 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Baş emin A.Sapaýew duşuşygyň dowamynda «Ahalyň» iki, «Aşgabadyň» bir futbolçysyna sary duýduryş kartyny berdi diýäýmeseň, duşuşykda başga göze ilen ýagdaý az.

Jogap duşuşygy 7-nji noýabrda geçiriler. Iki duşuşygyň netijesinde artykmaçlyk gazanan topar Kubok ýaryşynyň ýarym finalyna çykar.

Türkmenistanyň kubogyna mynasyp bolan toparyň 2021-nji ýylda AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň toparçalaryna goşulyp biljekdigini ýatladýarys.

 “Ahal” – “Aşgabat” – 0:0

Duýduryşlar: 53 Güýçmyrat Annagulyýew, 65 Artur Geworkýan ― 39 Daýanç Nuryýew.

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň