Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: «Köpetdag» ýeňiş bilen başlady

20:5327.10.2020
0
5398

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» futbol topary ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşa üstünlikli girişdi. Paýtagtymyzdaky adybir stadionda geçirilen «Köpetdag» ― «Merw» duşuşygy 2:0 hasabynda tamamlandy.

Duşuşygyň birinji ýarymynda Ýazgylyç Gurbanow, ikinji ýarymynda bolsa Batyrgylyç Berdiýew tapawutlanyp, IIM-niň toparynyň Mary şäherinde boljak jogap duşuşygyna artykmaçlyk bilen gitmegini üpjün etdiler. Jogap duşuşygy 6-njy noýabrda geçiriler.

 “Köpetdag” – “Merw” – 2:0

Gollar: 11 Ýazgylyç Gurbanow, 86 Batyrgylyç Berdiýew.

Duýduryşlar: 6 Baýramgeldi Gulmaýew ― 11 Azat Orazmuhammedow, 12 Aşyr Astanow, tälimçi, 20 Azatmuhammet Hojamuhammedow, 25 Toýly Goçnazarow.

Bellik: Duşuşygyň 2-nji minutynda Ýagylyç Gurbanow 11 metrlik jerime urgusyny nädürs ýerine ýetirdi.

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat  ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň