Balkanabat şäheriniň gaýrasynda howalanyp oturan Uly Balkan dagynyň etegindäki «Düzmergen» ýaýlasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de onuň partiýasynyň agzasy, telekeçi Halmämmet Amanmämmedowa degişli ýyladyşhananyň açylyş dabarasy boldy.
Häzirki zaman dünýäsiniň ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýän, Türkiýäniň we Gollandiýanyň kämil enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen täze ýyladyşhananyň açylyş dabarasyna Balkan welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň günbatar sebitdäki agzalary bolup durýan hususy eýeçilikdäki düzümleriň hünärmenleri, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Ýyladyşhanamyň pomidor hasylyny taýýarlamak babatdaky ýyllyk mümkinçiligi 1 müň tonna barabardyr. Nesip bolsa, geljek ýyldan başlap, ýyladyşhanada pomidor bilen birlikde hyýar, bolgar burçy ýaly gök önümleri hem ösdürip ýetişdirmek ýola goýlar.
Bu ýerde gök we miwe önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlejek kämil önümçilik desgasyny gurmak hem maksat edilýär.